Ter Otly Kartoşka
- 1 kg kartoşka
- 1 gyzyl sogan
- 2 duzly hyýar
- Duz
- 1 nahar çemçesi dogralan ter şibit
- 1 nahar çemçesi dogralan ter petruşka
- 1 diş sarymsak
- 4 nahar çemçesi ter limon suwy
- 4 nahar çemçesi üzüm dänesiniň ýagy ýa-da zeýtun ýagy
Kartoşkalary ýuwup, gazana atmaly we onuň üstüne suw guýup, otda goýmaly. Gazanyň gapagyny ýapmaly we kartoşkalar bişýänçä gaýnatmaly (kartoşkanyň bişenligini bilmek üçin pyçak sünjüp görmeli). Kartoşkalar bişensoň, gazanyň suwuny dökmeli we biraz sowaýança goýmaly. Soňra kartoşkalaryň gabygyny aýyrmaly we olary böleklere bölüp, bir gaba atmaly.
Sogany ýarym halka şekilinde, hyýary togalak kesip, kartoşkaly gaba atmaly we duz sepip garmaly. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny dograp, kartoşkanyň üstüne sepelemeli.
Sarymsagyň gabygyny aýryp, ony gyrgyjyň ownuk gözünde gyrmaly. Käsä sarymsak, limon suwuny, ýag guýup, gowy garmaly we kartoşkanyň üstüne sepelemeli.
shu sayta girsem, açh olup baryan yaly bolayyan.
mmm..suyji zada menzeyar
Ben ýapdim çok güzäl oluýor.