Gatyk

July 8, 2012

Gatyk

Gatyk

1 liter

  • 1 l süýt
  • 4 nahar çemçesi gatyk ýa-da kefir
  1. Süýdi pitä guýup, aram otda goýmaly. Süýt gaýnap, ýokary galyp başlanda, derrew pitini otdan aýyrmaly. Süýdi mylaýym bolýança goýmaly.
  2. Gatyk basyryljak gabyň içine gönezlik (gatyk ýa-da kefir) guýmaly. Onuň üstünden mylaýym bolan süýdi guýup, çemçe bilen bulamaly we gabyň gapagyny ýapmaly. Süýt uýar ýaly, onuň üstüni galyň mata bilen basyrmaly. Gatyk 6 sagatdan soň taýýar bolýar. Soňra gatygy sowadyjyda goýmaly.