Çörek
2 çöreklik
- 1 kg un
- 1 nahar çemçesi duz
- 20 gr hamyrmaýa
- 600 ml ýyly suw
Tabaga suw guýup, duz, hamyrmaýa atyp bulaşdyrmaly we un guýup, hamyr etmeli. Hamyr alar ýaly, ony ýyly ýerde basyryp goýmaly. Hamyr çişip başlanda 2 zuwala bölmeli, her zuwalany aýratyn basyrmaly.
Hamyr alandan soň, ony eliň bilen basyşdyryp, 2 cm galyňlykda, 30 cm diametrde çörek ýasamaly we çörekleriň üstüni 20 minutlap saçak bilen ýapyp goýmaly. Ojagy 250 derejede gyzdyrmaly.
Çöregiň ýüzüni her ýerinden dürtmeli ýa-da plastik gapak bilen dikligine we keseligine basyp, çyzyk çekmeli (çörek bişenden soň, bu çyzyklar ony deň ölçegde, ýagny hamyrka çyzylan ýerlerinden owratman döwmägi aňsatlaşdyrýar). Çöregiň ýüzüne suw çalyp, ony ojaga salmaly we ýüzi gyzarýança (15 minut) bişirmeli.
aaahhhhh turkmen coregi iyesim geldi
Turkmen çöregine geljek hiç zat yokkk@@@@@@@@!!!!!!!!!$$$$$$&&&&&
iyesiniz gelmeyan zat barmy