Eti kub (inedördül) şekilinde dograp, bir gaba atmaly. Limony, sogany ýarym halka şekilinde dogramaly. Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny aýryp, gaty baldaklaryny dogramaly. Soňra etiň üstüne limony, sogany, şibitdir petruşkanyň baldagyny atyp, duz, gara we gyzyl burç, 5 nahar çemçesi sirke sepip, gowy garmaly. Gabyň gapagyny ýapmaly we ony salkyn ýerde bir gije goýmaly.
Maňňalda ot ýakmaly. Eti çişlere sykyja edip düzmeli. Odun ýanyp, köz bolanda, et düzülen çişleri maňňalyň üstünde goýmaly. Etiň hemme ýeri deň bişer ýaly, käýarym çişleri öwrüp durmaly. Şeýle-de, aşagynyň ody güýçlense, bişip duran çişlige aram-aram sirke garylan suw sepilýär. Etiň daşy gowy gyzarýança bişirmeli.
Şibitdir petruşkanyň ýapraklaryny we sogany dograp, bişen çişligiň üstüne atyp, 1 nahar çemçesi sirke sepmeli. Çişligiň ýany bilen gyzzyrma ýa-da tüwi berilýär.
Salam. Suw garylmadyk satylyan cuysheli sirkeden goshmalymy, ilki eti tayynlamak ucin?
Suw garylan sirke bolmaly (çüýşesinde 8% ýazylgy).
Jogabynyz ucin minnetdar. Sag bolun!
Size ? Saşda bişirjek eti ýanmaz ýaly saja ýelmeşmez ýaly näme etmeli.