Tworogly Köke

August 27, 2013

Tworogly Köke

Tworogly Köke

  • 250 gr mesge
  • 250 gr ownuk tworog
  • 300 gr un
  • ⅓ çaý çemçesi hamyr tozy
  • 4 nahar çemçesi şeker
  1. Otag ýylylygynda ýumşadylan mesgäni we tworogy bir gaba atyp, tagta çemçe bilen garmaly. Garyndynyň üstüne un we hamyr tozuny guýup, ýumşak hamyr etmeli.
  2. Hamyry eliň aýasynda togalamaly we 5-6 mm galyňlykda ýaýmaly. Ýaýylan hamyrdan bulgur bilen (8 sm) tegelejikler kesmeli. Hamyr kesilende galan bölekleri düýrlemeli we gaýtadan ulanmaly.
  3. Ojagy öňünden 180°C (356°F) derejede gyzdyrmaly. Bir ýalpak tarelka şeker guýmaly we tegelejigi eliňe alyp, onuň bir tarapyny şekere batyrmaly. Tegelejigiň şekerli tarapyny içine edip, ony iki eplemeli we ýene şekere batyrmaly. Soňra ony, şekerli tarapyny içine edip, ýene eplemeli (üçburçluk şekilinde).
  4. Kökeleri, arasynda 2 sm töweregi boşluk goýup, ojak kagyzy ýazylan taba düzmeli. Kökäni ojagyň ortaky gatynda goýup, ýüzi gyzarýança (35 minut) bişirmeli.