Klubnika Mürepbesi

June 23, 2013

Klubnika Mürepbesi

Klubnika Mürepbesi

4-5 banka

  • 1 kg klubnika
  • 500 gr (2 bulgur) şeker
  1. Klubnikany süzgüçde goýup, sowuk suwda ýuwmaly. Soň klubnikanyň kök-ýapragyny aýyrmaly.
  2. Klubnikany çuňňur saja atyp, üstüne şeker guýup, 3 sagat goýmaly.
  3. Sajy aram otda goýmaly we şekeri ereýänçä bulamaly.
  4. Klubnikany ýuwaşlyk bilen 5 minut gaýnatmaly we sajy otdan aýryp, 6-8 sagat goýmaly (klubnika dargamaz ýaly).
  5. Sajy gaýtadan otda goýmaly we mürepbe goýalýança (10 minut) gaýnatmaly.
  6. Gazana suw guýup, otda goýmaly. Onuň üstünde demir gözenegi goýmaly. Mürepbe guýuljak bankalary we olaryň gapaklaryny ýuwup, gaýnaýan suwuň bugunda 15 minut goýmaly.
  7. Mürepbe taýýar bolanda bankalary tutaç bilen seresaply tutup, bugdan aýyrmaly. Bankalaryň içine gaýnaýan mürepbeden guýup, olaryň gapagyny ýapyp, gatyja towlamaly.